Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň merjeni "Aşgabat" şäherinde 2017-nji ýylda geçiriler.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” iki taraplaýyn şertnama gol çekildi.

2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  2017-nji ýylda V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň düýbi tutuldy. Sebitde iri Olimpiýa şäherjigi 157 gektar meýdanda ýerleşer. Bu Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Täze guruljak desgalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr . Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. Şeýlelikde 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň birinji tapgyrynyň, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetini döretmek hakynda Karara gol çekdi.

Aşgabat şäherinde 2014-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna birinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy barada degişli resminama gol çekmek dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Sport meýilnamasyna ozal ylalaşylan 19 sany gönüşine goşmaça Türkmen milli göreşi bilen Atly sportyň päsgelçiliklerden bökmek görnüşini (Konkur) goşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň beren teklibi Aziýa Olimpiýa Geňeşi tarapyndan makullanyldy we bilelikde tassyklanyldy.

Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähmiýetini artyrmak, mahabatlandyrmak maksady bilen hem-de 2017-nji ýyly «Sagdynlyk we ruhubelentlik» ýyly diýilip yglan edilendigini nazara alyp 2017-nji 1-nji maýyndan başlap GFR-nyň Hessen ýeriniň paýtagty bolan Wiesbaden şäheriniň köpçülikleýin ulag serişdesinde (awtobus) «Turkmenistan» atly şekil ýerleşdirildi.