OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugatynyň assosiasiýalary bilen, şeýle hem öňdebaryjy habarçylary bilen hyzmatdaşlygy özara bähbitli tejribe alyşmaga, ýaryşlaryň ýaýlyma berilişiniň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir ýetirer.

Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Ahmad Al-Fahad Al-Sabah maslahatyň başynda eden çykyşynda V Aziýa oýunlaryny Türkmenstanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmek hakyndaky kararyň ilkibaşda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde uly seslenmäniň döredendigini belledi. Bu çözgüde gelmeginiň esasy sebäbi Prezidentiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň  halkyň arasynda alyp barýan sagdyn ýaşaýyş durmuş syýasaty, köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketleriniň we sportyň ýokary derejesine ýetendiginiň netijesi bolup durýar.

Ýygnagyň dowamynda bu iri möçberli sport çäresiniň Aşgabat şäherinde Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň wekillerini ýygnamagy konstruktiw hyzmatdaşlygyň, ak göwünliligiň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, şeýle-de Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyndan ugur alýan prinsipleri bellenip geçirildi.

Daşary ýurt myhmanlar ýyl-ýyldan biziň ýurdumyzyň dünýä köpçüligine diňe bir ösen ykdysadyýetli döwlet hökmünde dälde, eýsem özüni sportyň beýik döwleti hökmünde tanadandygyny, muňa möçberi boýunça ägirt, owadan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabarasy şaýatlyk edýändigini hoşallyk bilen  bellediler. Ýygnaga gatnaşyjylar türkmen tarapy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alyp barmaga, şeýle hem uly sport ýaryşlaryny geçirmäge taýyndygyny bildirdiler.