TÜRKMEN HOWA ÝOLLARY AŞGABAT-ÝEREWAN-FRANKFURT UGRY BOÝUNÇA GATNAWY AÇDY

Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gürrüň edildi. Eýýäm şu ýylyň sentýabr aýynda “Boing” uçary bilen türkmen paýtagtyndan Ermenistanyň paýtagtyna synag gatnawy ýerine ýetirildi, indi bolsa iki şäheriň arasynda üçünji ýurduň Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli baryp ýetýän yzygiderli gatnaw ýola goýuldy.

Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawynyň açylmagy bilen, Türkmenistanyň milli howa gatnawlary kärhanasy Kawkaz sebiti we Günbatar Ýewropa ugry boýunça özüniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrdy. Ýaýbaňlandyrylan gatnaw ulgamynyň kemala getirilmegi dowam edýär we ýakyn wagtda oňa täze sebit we sebitara ugurlar goşular.