Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi.
Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňyn syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ÝHHG-niň uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Myhman Türkmenistan bilen ÝHHG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň arasynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleleri çözmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu sapara ýurdumyz bilen ÝHHG-niň, şeýle hem Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi, onuň dürli ugurlar boýunça maksatnamalaýyn esasda yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy.
Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri we kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm orun berilýändigini aýdyp, bu ugurda ÝHHG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.
Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini halkara derejede üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulaglaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ugurlarynda bilelikde anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.