Türkmenistanyň konsulynyň Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýerine iş sapary
2025-nji ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt-na-Maýn şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýewiň Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýerine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, saparyň çäklerinde Düsseldorf şäherinde Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýeriniň federal işlerine ygtyýarly wekili, Federal işleri, Ýewropa we halkara meselelerine jogapkär Döwlet sekretary
Mark Şpaýh bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebitleýin derejede has ýakyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine seretdiler. Germaniýaly syýasatçy, hususan-da, Federatiw Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistanyň bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhümdigini belläp geçdi. Bu hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» we «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatlary arkaly amala aşyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Energetika howpsuzlygy hem-de transport-logistika ugurlarynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem Germaniýa tarapynyň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.
Şeýle-de, federal ýerde ykdysady hem-de medeni-gumanitar ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, federal ýeriň hökümet ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan halkara çäreleriniň maksatlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
***
Şeýle hem, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň konsulynyň Düsseldorf Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Andreas Şmits we bu edaranyň halkara bazarlar we ugurlar bölüminiň ýolbaşçysy Aaron Röşke bilen gepleşikleri geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-senagat edaralaryň, ykdysady birleşikleriň hem-de Türkmenistanyň we Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýeriniň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýygylaşdyrmak babatynda özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hökmünde energetika, himiýa we lukmançylyk senagaty, maşyn gurluşygy hem-de ýaşyl ykdysadyýet aýratyn bellenildi.
2023-nji ýylyň iýun aýynda Düsseldorfda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady güni bilen bagly oňyn tejribä esaslanyp, düzümine takmynan 95 müň kompaniýa we hususy telekeçi girýän Düsseldorfyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň işewürler toparlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy goldady.
***
Mundan başga-da, Köln şäherinde konsul «Türkmen kultur ojagy» guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen şygaryň hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň
30 ýyllygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar şu ýyl bu taryhy senä bagyşlanan bilelikdäki medeni çäreleri we maglumat-mahabat çärelerini guramak boýunça meýilnamalary kesgitlediler. Mundan başga-da, Germaniýadaky türkmen diasporasynyň arasynda ýurdumyzyň baý taryhy mirasyny we medeniýetini wagyz etmek boýunça çäreleriň geçirilmegi boýunça pikir alyşmalar boldy.
***
Iş saparynyň çäklerinde Bonn şäherinde Germaniýanyň akademik alyş-çalyş gullugy («DAAD») bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Halkara bilim we hyzmatdaşlyk programmalary departamentiniň ýolbaşçysy Ştefan Binefeld hem-de Demirgazyk we Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz üçin stipendiýa programmalary bölüminiň ýolbaşçysy Haýko Şmidt gatnaşdy.
Gepleşikleriň esasy mowzugy bilim, ylmy-akademik alyş-çalyş we göni ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly türkmen-german hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny gözlemek boldy.
Şeýle-de, ylmy-bilim hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri boýunça jikme-jik pikir alyşmalar geçirildi. Hususan-da, türkmen ýokary okuw jaýlarynyň we ylmy edaralarynyň uçurymlary, aspirantlary hem-de mugallymlary üçin DAAD stipendiýa kwotalaryny artdyrmak, Türkmenistanda DAAD-iň nemes dili lektorlarynyň toruny giňeltmek hem-de nemes dili okuw usullaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistanda Türkmen-german ylmy gününi geçirmek hem-de ylmy-bilim delegasiýalarynyň özara saparlaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.