Türkmenistanyň Prezidenti: YHG-da başlyklyk etmegi jogapkärli we belent wezipe hökmünde kabul edýäris hem-de onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary ederis

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde çykyş edip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-niň özboluşly geoykdysady ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz geografiki, taryhy, umumy däp-dessur we gymmatlyklar taýdan arabaglanyşygy bolan YHG gatnaşyjy döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygynyň özenini nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: “Biz YHG-niň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýarys” diýip belledi.

Türkmenistana bildiren ýokary ynam üçin YHG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň YHG-da başlyklygyny jogapkärli hem belent wezipe hökmünde kabul edýändigini hem-de bilelikdäki wezipelere üstünlikli ýetmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.