Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Olaf Şolsuň döwlet Baştutanymyza mähirli salamlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady, dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna bolsa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň Germaniýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank, şeýle-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň köpüsi türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär.

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.

Mihael Uwe Birhoff hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmündäki işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan edip, öz tarapyndan dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine we halklarymyzyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.