Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebitiň syýasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, wajyp halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.