Türkmenistan-Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň täze derejesi

2-nji noýabrda ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň saparda bolýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan döwlet we jemgyýetçilik işiniň ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedigini aýratyn belläp, Walentina Matwiýenko hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny hem-de Federasiýa Geňeşiniň agzalaryny mübärekläp, ilki bilen, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenka Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň belent münberinde çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Soňra hormatly Arkadagymyzyň awtomobil kerweni Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň binasyna tarap ugrady. Esasy girelgäniň öňünde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin mähirli garşylady.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini hem-de wekiliýetiň agzalaryny mübärekläp, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga oňat esas bolýan mümkinçilige şatdygyny belledi. 

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. 

Şeýle hem Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi. 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda sirk sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň resmi sapary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, gatnaşyklary ösdürmegiň taryhynda täze sahypany açýar we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Watanymyza ugrady.