Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2022-nji ylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp berlen ýokary sylag bolan Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny ýetirip, Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hoşniýetlilik üçin Özbegistanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň bu gurama synçy ýurt hökmünde goşulandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu möhüm çäräni kabul edýän ýurt hökmünde Özbegistan Respublikasyna ähli maksatlara ýetmegi we wezipeleri çözmegi arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçen mizemez dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Gahryman Arkadagymyz ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlykda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ornuny nygtap, kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň, kanunlary işläp taýýarlamakda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagt, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk özbek halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.