“Commerzbank AG” bankynda geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Germaniýanyň maliýe paýtagtynda — Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt şäheri) konsuly M. Özbekbaýew bilen “Commerzbank AG” bankynyň Maliýe institutlary bilen işleşýän bölüminiň uly menejeri, direktory Andreý Kononow bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda bankara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Commerzbank AG” bankynyň Türkmenistanyň maliýe edaralary bilen uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, german bankynyň türkmen hyzmatdaş banklary bilen gatnaşyklarynyň oňyn depginde ösýändigi bellenildi. Şeýle hem, ýurdumyzda eksportyň maliýeleşdirilmegi, taslamalaryň maliýe taýdan goldanylmagy we kiçi hem-de orta telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda pikir alşyldy.
Taraplar, şeýle-de Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki işewürlik çäreleriniň guralmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.