Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisini kabul etdi

2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygy bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda toplanan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi döwletara hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde durnukly ösüşi hem-de ählumumy abadançylygy gazanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändikleri bellenildi. 

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi. Bu geňeş bilelikdäki forumlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge işjeň gatnaşýar.

Medeniýet, ylym, bilim, tehnologiýalar ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu ugurlarda dürli çäreler guralýar, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taraplaryň hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.