Türkmenistanyň DIM-nde GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary I.Nematow bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň meýilleşdirilýän saýlawlaryna syn etmek üçin GDA-nyň synçylar toparynyň ştabyny açmak boýunça iş toparynyň ýolbaşçylygynda gelen GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow bilen duşuşygy geçirildi.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk işleri bu söhbetdeşligiň esasy mowzugy boldy. GDA-nyň synçylar toparynyň öz işini üstülikli başlandygyny belläp, I.Nematow milli kanunçylyga laýyklykda saýlaw kampaniýasyna baha bermek hem-de azat we demokratik saýlawlary geçirmäge ýardam bermek bu missiýanyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi. W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk derejesine laýyklykda we GDA-nyň assosiirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine, özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklara gatnaşmaga, halklarymyzyň we döwletlerimiziň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmäge berk ygrarlydyr.