Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň salamyny we Palestina gelmek baradaky çakylygyny hem-de ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Mahmud Abbasa salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny, şeýle hem Palestina Döwletine sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Palestina Döwletiniň köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda BMG-niň, YHG-nyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigi ýa-da ýakyndygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Palestina Döwletine we onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygy, alyp barýan daşary syýasatyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Degişli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegi bu ugurdaky netijeli ädimleriň hatarynda görkezildi.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir, şunda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Palestina Döwletiniň Daşary işler hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki özara hoşniýetli erk-islege daýanmak bilen, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.