Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny ýetirdi. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berýärler.

Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Imperatoryna we Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysynyň saparynyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň Sukuba uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine, ylym-bilim ugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da baýlaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada iş saparynda bolan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin «Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory» diýen alymlyk derejesi berildi.

Iki ýurduň ylmy ösdürmäge uly goşant goşan bu görnükli iki alymynyň we professorynyň şu gezekki duşuşygynda ýokary bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Söhbetdeşler mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýtmak bilen, tejribe alyşmak, Türkmenistanda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Umumy pikire görä, bu işler giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, iki dostlukly halky ýakynlaşdyrmakda we medeniýetlerimizi özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda ylma esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi hem-de iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri bilen baglylykda, şeýle hyzmatdaşlyk möhüm bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda baý tejribesi hem-de döwrebap tehnologiýalary bolan ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ulgamlar hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklara-da uly üns berilýändigi bellenildi.