Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Sara Meri Uolş hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine seretdiler.