Türkmenistanyň Mejlisinde Wýetnamyň täze bellenen Ilçisi kabul edildi
2023-nji ýylyň 11 sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi, öz gezeginde, Wýetnamyň Prezidenti Wo Wan Thyongyň Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, ähli halkyna iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda, Wýetnam bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýän türkmen-wýetnam hyzmatdaşlygynyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.