Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ony Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG halkara gatnaşyklarynda hem-de ählumumy wehimler bilen şertlendirilen wezipeleri çözmekde esasy utgaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin strategik ugur bolup durýar. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda amala aşyrylýan hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpýyllyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Bu netijeli hyzmatdaşlyk türkmen tarapynyň öňe sürýän sebit we umumy dünýä häsiýetli netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli ulgamlarda iri taslamalary we maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar.