Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi («Işjeň synçy») berildi.