Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.
Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy.
Döwletimiz halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşmeýilli erk, deňhukuklylyk, öňdebaryjy tejribäni we oňyn pikirleri paýlaşmak esasynda ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almagyň möhümdiginden ugur alýar. Şeýle çemeleşme BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, berk döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry bilen bolşy ýaly, “C5+1” diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ-Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlarynyň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi.
2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär.