Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni, innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak, gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek we desgalaryň bellenilen möhletde gurlup ulanlymaga berilmegi möhüm talap bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy milli baýram - Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Bouygues” kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin şäher milli meýilnamalaşdyryş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda fransuz kompaniýasynyň işi barada pikir alyşyldy we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.