Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş etmek bilen, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işlerinde ynsanperwerleşmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar.
Olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we «ýaşyl» tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşyldy.