Türkmenistanyň Prezidenti Аzerbaýjan Respublikasynyň Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ilçisini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň arasynda ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogynyň okgunly ilerledilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyza hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmak başartdy.
Türkmenistan we Azerbaýjan köp ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.