Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Olar ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bellediler.
Döwlet Baştutany öz gezeginde HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge, Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi, şeýle hem halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy netijeli döwletara dialogy ösdürmäge oňaýly şertleri döredýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýyl Hytaýa iki gezek sapary amala aşyryldy, ýaňy-ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekin şäherine iş saparynda boldy.
Umumy pikire görä, bu saparlaryň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylyp, geljekki ösüş ugurlary kesgitlenildi we resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat eder.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý sebitleýin derejede, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky döwletara dialoga uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde,Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikletmek işine işjeň gatnaşýandygy hem-de bu ugurda möhüm ädimleri ädýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde beýan eden başlangyjyna laýyklykda, şu günler Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy geçirilýär.
M.Sinžuý partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny belledi.
Ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlary dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.
Umumy pikire görä, golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi berer.