Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mehrdad Bazrpaşyň belleýşi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Öz gezeginde Döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary döwlet ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem ministre we EYR-nyň wekiliýetiniň agzalaryna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň, şeýle hem türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleriniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen serginiň we işewürlik maslahatynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäreleriň iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.
Taraplar ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk, oba hojalygy ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi.
Türkmenistan bilen EYR-nyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.