Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy barada

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi.

Ministrler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çalt depginli we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu nukdaýnazardan, şu günler Aşgabatda geçirilýän söwda we ykdysady çäreler we duşuşyklar toplumynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ulag, logistika we aragatnaşyk meselelerine, esasan hem, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşyldy.