Daşary işler ministrliginde Hindistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi. Şeýle hem, sanly we häzirki zaman maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.