KHBS üçin habar

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bolup durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň w.ý.ý. Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda bolan döwründe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek we owgan halkyna giň gerimli ynsanperwer kömegi bermek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalygy pudagynda hem özara gatnaşyklar temasynyň üstünde durlup geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sebitdäki suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmagyň serhetaşa derýalarda, suw akabalarynda we serhet köllerinde suwdan peýdalanmagy düzgünleşdirýän halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi.

Hususan-da, owgan wekiliýetiniň ünsi aşakdaky meselelere gönükdirildi:

Birinjiden, serhetüsti derýalardan suw alynmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan we tassyklanan çemeleşmäniň zerurlygy, ilkinji nobatda suw çeşmelerini ulanmagyň hakyky zerurlyklaryny göz öňünde tutmak;

Ikinjiden, serhetüsti derýalarda gurulýan gidrotehniki desgalaryň dogry işlemegini üpjün edip biljek ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek;

Üçünjiden, serhetýaka derýalaryň boýunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitlerine hormat goýmak, halkara hukugy esasynda we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, deňhukulylyk we aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýan suw çeşmelerini dolandyrmak üçin degişli mehanizmleri döretmek arkaly.

Owgan wekiliýeti bilen duşuşyk dostlukly we netijeli häsiýetde geçirildi.

 

Metbugat gullugy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

07.03.2024