Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi.

Myhmanlar HTF-niň we ATF-niň sporty höweslendirmäge we goldamaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge aýratyn üns berilýän ýurdy bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Dewid Haggerti Türkmenistanda bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz HTF-niň güwänamasynyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we muňa Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn ulgamy döretmäge, uzak geljege gönükdirilen syýasatyň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, HTF-niň we ATF-niň ýolbaşçylarynyň şu saparyna ýurdumyzyň tennis taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Myhmanlaryň Aşgabatda bolýan wagtynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň tennis ulgamlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler dörediler.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň tennis görnüşi uly ösüşe eýe boldy, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň (HTF), 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) agzasy bolup durýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň sport giňişliginde, hususan-da, Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi maksat edinýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar dostlukly gatnaşyklary hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.