Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen forumyň ähmiýetini nygtady hem-de saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy ilki bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny beýan etdi, şeýle hem tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Tebigy-howa şertler, uly taryhy-medeni mümkinçilikler, baý milli däp-dessurlar, täze we ýokary hilli infrastruktura üpjünçiligi milli syýahatçylygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, sagaldyş we bejeriş, şypahana ulgamy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ugurdaş desgalaryň, olarda hödürlenilýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Olar şypahana we dynç alyş syýahatçylygy üçin oňaýly şertleri döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Onuň maksatlary Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.