Deutsche Bankyň Frankfurtdaky baş edarasynda Türkmenistan bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Deutsche Bank AG»-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen bankyň Demirgazyk we Gündogar Ýewropa sebit bölüminiň baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartzyň arasynda ýygnak geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda maliýe we bank pudagynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýorg Bongartz soňky ýyllarda Germaniýanyň banky tarapyndan amala aşyrylýan türkmen bank pudagy üçin geçiriljek seminarlaryň we okuwlaryň görnüşleri barada habar berdi.
Şunuň bilen birlikde, «Deutsche Bank AG» bilen Türkmenistanyň maliýe guramalarynyň arasyndaky uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi.
Taraplar, şeýle hem, Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki söwda we ykdysady çäreleri guramagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.