Hessen döwlet kanselýariýasynyň protokolynyň başlygy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Hessen federal ýeriniň (Wizbaden şäheri) Döwlet kanselýariýasynda Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen Döwlet kanselýariýasynyň protokolynyň başlygy Dieter Baýneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda D.Baýne Döwlet kanselýariýasynyň işiniň esasy ugurlary, söwda we ykdysady potensiýal we Hessen federal ýeriniň medeni dürlüligi bilen tanyşdyrdy, şeýle hem bu federal ýeriniň çäklerinde ýerleşýän şäherlerden iň ulusy we Germaniýada iri işewürlik, maliýe we ulag merkezi bolan Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň özboluşlylygyna ünsi çekdi.
Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar we Hessen ýerinde boljak möhüm wakalaryň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
D.Baýne Hessen döwlet kanselýariýasynyň Türkmenistanyň Frankfurtdaky konsullygynyň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek işine mümkin bolan ähli kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.