Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly Hessen ýeriniň hökümetiniň tomusky kabul edişligine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Wizbaden şäherinde Hesseniň mejlisiniň başlygy Astrid Wahlmanyň we bu federal ýeriň premýer-ministri Boris Reýniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Germaniýadaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew Hessende akkreditlenen konsullyk edaralaryň ýolbaşçylarynyň tomusky kabul edişligine gatnaşdy.

Kabul edişligiň çäginde Hessen ýeriniň ýokary häkimiýetleriniň wekilleri çykyş etdiler we olaryň dowamynda federal ýer bilen daşary ýurt diplomatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn üns berildi.

Hessen ýeriniň häkimiýetleriniň wekilleri bilen gysga söhbetdeşlik wagtynda türkmen-nemes gatnaşyklaryny giňeltmek, hususan-da dürli derejedäki sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.