Türkmenistanyň energetika kuwwaty pugtalanýar
Ýakynda ýurdumyzyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy Türkmenistany dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwürmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işlere goşant boldy.
Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklaryň üstüni açmakdan, barlag geçirmekden, ulanmaga bermekden, uglewodorod serişdelerini ibermekden hem saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar.
Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçiligi kemala getirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, energiýa serişdelerini ugratmakda köpugurly turba geçiriji ulgamy döretmek, barlag-gözleg işlerinde sanly tehnologiýalaryň, şol sanda 3D we 4D modelirlemek usullaryny ulanmagyň gerimini giňeltmek möhüm wezipeleriň biridir.
Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, pudagyň düzümleriniň tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýangyç-energetika pudagynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ulgamyny döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanda gaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga möhüm goşant bolup durýar.