Berlinde «Garagum sährasynyň mukamy» atly konsert bolar
Türkmenistanyň ýaşlar kamera sazlary ansambly şu ýyl özüniň 25 ýaşyny belleýän «Young Euro Classic» (Ýaşlaryň Ýewro nusgasy) atly baýramçylyk maksatnama gatnaşar. Türkmen sazandalarynyň 24-nji awgusta meýilleşdirilen «Garagum sährasynyň mukamy» atly konsertiniň deslapky bildirişinde: «Kirişli kwartet we goboýly türkmen sazynda, şeýle hem dutar, gyjak we tüýdük üçin ýazylan eserlerinde beýan ediş görnüşiniň dürlüligini özüňiz üçin açyň!» diýilýär.
Gözden geçirilişiň guramaçylary Berliniň Konserthausynda milli saz sungatyny görkezjek Türkmenistanyň ýaşlar kamera sazy orkestriniň her bir agzasy barada maglumaty suratlary bilen bile berdi. Konsert maksatnamasyna «Nowaýy», «Bal Saýat» halk sazlary, Nury Halmämmedowyň «Kirişli kwartet», «Karkaranyň aýdymy» we «Garagum şemalynyň owazy», Durdy Nuryýewiň «Kirişli kwartet», Weli Muhadowyň «Güýz», Suhan Tüýliýewiň «Begler» we beýleki kompozisiýalar girizilipdir.
2000-nji ýylyň ilkinji möwsüminden başlap, «Young Euro Classic» ýurtlaryň medeni däp-dessurlarynyň alyş-çalşyk ýerine öwrüldi. Berlin festiwalyna çärýek asyryň dowamynda 59 ýurtdan 178 orkestr gatnaşyp, 26544 ýaş sazanda unudylmajak parlak pursatlary görkezdiler.
«Young Euro Classic» festiwalyna her ýyl görnükli simfonik orkestrleriň çykyşlary we olaryň aýratyn repertuarlary mahsusdyr. Her bir orkestr Ýewropa orkestr däbine düşünişine goşmaça öz ýurdunyň sazyny, we, mümkin boldugyça, täze eserlerini görkezmelidir. Konsertleriň ýokary hili we täze başlaýan sazandalaryň zehini tomaşaçylaryň deňi-taýy bolmadyk hyjuwly el çarpmalary, sazandalaryň üstünliginiň köp zada umyt besledýän taryhy we «Young Euro Classic» festiwalynda çykyşlaryndan soň dünýäniň iň gowy orkestrlerine çagyrylmak bilen sylaglandy.