«Awaza» şypahanasy – melhemler mesgeni
Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sagaldyş we dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden ykrar edildi. Mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda dür monjugy deýin baky orun alan meşhur syýahatçylyk zolagyna bolsa ýylyň ähli paslynda-da gelýänleriň yzy üzülenok.
Ajaýyp melhemler mesgeni döwletli Diýarymyzda deňiz şypahanasynyň buýsançly ösüşlerini täze derejelere çykardy. Ol işe girizilen ilkinji gününden başlap, raýatlara ösen isleglere laýyk göwnejaý hyzmat edýär. Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde ussat lukmanlardyr şepagat uýalary yhlasly zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda işläp, saglyklaryny dikeldýän, berkidýän raýatlara dürli bejeriş-dikeldiş hem-de şypahana hyzmatlaryny guraýarlar. Şeýle-de dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy we bejermegi üstünlikli alyp barýarlar. Ähli amatlyklary bolan şypahanada adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňiz, şol sanda mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlaram ýola goýulýar.
Döwrebap şypahanada balnoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly, SPA-ly gidroterapiýa, maslahat hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizoterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar bar. Bulardan başga-da, dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, dikeldýän raýatlar fitobarda melhemlik içgilerden, ösümliklerden taýýarlanan şerbetlerden içip, teşneliklerini gandyrýarlar.
Toplumyň çägindäki sport meýdançalary raýatlaryň hyzmatynda bolup, bu ýerde özara ýaryşlar, çekeleşikli oýunlar geçirilip durulýar. Şu günlerde-de zähmet rugsadynda bolup, wagtlaryny peýdaly, şatlykly geçirýän, saglyklaryny berkidýän, dikeldýän raýatlar döwletimiz tarapyndan döredilen iň bir naýbaşy derejedäki nusgalyk şertlerdir mümkinçiliklere buýsanyp, bu ýerleriň täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar.