Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi we sebitiň ähli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara möhüm daşky gurşaw meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.

Maslahatyň işine hormatly myhmanlar – Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçisi Gismet Fizuli ogly Gezalow, Beýik Britaniýanyň Ilçisi Stiwen Konlon, BAE-nyň Ilçisi Ahmet Al-Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝB-niň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasynyň müdiri Karolina Milow, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, işjeň raýatlar, şeýle hem BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň, FAO-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GIZ-iň wekilleri we Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýaşlar maslahaty Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 700-den gowrak ýaşlaryň gatnaşmagynda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY 19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP 29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Maslahat ýaş nesliň howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, ekologik durnuklylyga we bioköpdürlilige ýetirýän täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we netijelerini azaltmaga ýardam berýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda umumy çemeleşmeleri işläp düzmegi maksat edinýär.

Bu ýyl maslahat Türkmenistanyň sebitlerini hem öz içine aldy. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin maslahatlar Daşoguz, Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi. DÖM-iň ýaş ilçileri we işjeň raýatlar ýaşlar bilen duşuşmak arkaly has işjeň gatnaşyjylara jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdiler.

Maslahatyň açylyş dabarasyndan soňra birinji bölümçe öz işine başlady. Birinji bölümçäniň çäginde Ozon merkeziniň wekilleri Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni barada çykyş etdiler. Soňra ýaşlar welaýatlarda geçirilen maslahatlaryň netijeleri dogrusynda gürrüň berdiler.

Ikinji bölümçede gatnaşyjylar iş toparlaryna bölündiler. Her bir iş topary ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleriň dürli taraplaryny we mümkin bolan çözgütlerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bilermenler we utgaşdyryjylar her bölümçäniň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini beýan edip, çekişmelere ýolbaşçylyk etdiler. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerine esaslanyp, her bir topar Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasy üçin teklipleri taýýarladylar.

Jemleýji bölümçede işçi toparlaryň ýolbaşçylary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlar ýol kartasyna girizilen anyk teklipleri berdiler. Bu teklipler COY 19-da we COP 29-da hödürlenjek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň jemleýji nusgasyna giriziler.

Maslahat Türkmenistanyň ýaşlarynyň ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen proseslere gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi. Ýaşlaryň jemleýji beýannamasy türkmen ýaşlarynyň köpçülikleýin garaýyşlaryny açyp görkezer we UNFCCC-niň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine goşant goşar.