Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda BRIKS agza ýurtlaryň nobatdaky sammiti geçirilýär, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa we howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar.
«Bu ugurda döwletimiz işjeň we jogapkärçilikli çemeleşýär. Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika we durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Gürrüň, Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Ýurdumyzyň beýleki başlangyçlary – Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça bileleşigi döretmek başlangyçlarydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.