Türkmenistan milli statistika ulgamyny kämilleşdirýär
Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komiteti Milli hasaplar ulgamynyň (MHU) täzelenen nusgasyna laýyklykda, statistik hasabat ulgamyny kämilleşdirmekde ýene bir möhüm ädim ätdi.
Bu iş bölümiň halkara hyzmatdaşlary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy netijesinde mümkin boldy. Şeýlelik bilen BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň çäginde döwlet klassifikatorlaryny we maliýe, bank hem ätiýaçlandyryş, ylym we syýahatçylyk ýaly esasy pudaklary öz içine alýan täze usulyýetler işlenip düzüldi we durmuşa geçirildi. Esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamaga çemeleşmeler hem girizildi, statistika ulgamynyň işgärleriniň mümkinçilikleri bolsa ep-esli güýçlendirildi.
BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, BMGÖM-iň Türkmenistan Hökümetiniň milli hasaplar ulgamynyň täzelenen görnüşine esaslanýan statistik hasabaty girizmek teklibiniň tassyklanmagyny goldaýandygyny we häzirki zaman hem hemmetaraplaýyn statistika ulgamy döretmekde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.