Frankfurtda geçirilen işewürlik duşuşyklary
Şu hepde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew Frankfurtda ýerleşýän söwda-ykdysady edaralary bilen iş maslahatlaryny geçirdi. Bu duşuşyklarda şol guramalaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Frankfurt Ykdysady ösüş agentliginde bu edaranyň Ýewropa ýurtlarynda, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy sebitlerinde taslamalar boýunça ýolbaşçysy Anna Stepanenko bilen geçirilen duşuşykda konsul, agentligiň işleriniň we maksatlarynyň tanyşdyryldy. Frankfurt şäher häkimliginiň goldawy bilen işleýän agentlik, Frankfurt şäher aglomerasiýasynda söwda-ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna ýardam berýär.
Gepleşiklerde Türkmenistanyň we Reýn-Maýn sebitiniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary döretmek, türkmen işewürleriniň Germaniýada öz işlerini ösdürmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek, şeýle hem iş maslahatlaryny guramak we iş forumlaryny geçirmek barada gyzykly pikir alyşmalar geçirildi.
*****
Frankfurt Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň ýerine ýetirijisi, Halkara söwda departamentiniň ýolbaşçysy Ýürgen Ratzinger we Merkezi, Gündogar we Günorta Ýewropa, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça direktory Paul Şmits bilen geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. German tarapyna Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, energetika, nebit-himiýa, tekstil we lukmançylyk pudaklarynda geljekde amala aşyryljak taslamalar, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan eksport edilýän harytlaryň mümkinçilikleri barada maglumat ýetirildi.
Mundan başga-da, Frankfurtda bilelikdäki çärelerini geçirmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň giňeldilmegi baradaky meseleleriň hem üstünde duruldy.
Germaniýadaky iň gadymy we ykdysady taýdan güýçli, Frankfurt şäherini we onuň golaýyndaky ýokary Taunus we Main-Taunus sebitlerini öz içine alýan we 102 000-den gowrak agzalary öz içine alýan, agzalarynyň sany boýunça 3-nji ýeri eýeleýän Frankfurt Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny mälim etdi.