Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler

photo

31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde 2, 5 we 10 kilometr aralyga parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler. Çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde türgenleri, ylgawy söýýänleri we höwesjeň raýatlary umumy agzybirlik, saglyk hem-de ynanyşmak ruhunda birleşdirýän «Run-Rush» jemgyýetçilik hereketiniň goldamagynda guraýar.

Ähli aralyklara ylgawyň başy we ahyry Türkmenbaşy şaýolunyň we Abadançylyk köçesiniň çatrygynda bolar, ylgawlar Garaşsyzlyk seýilgähiniň daşynda geçiriler.

2 kilometr aralyga ulular bilen bilelikde 16 ýaşa çenli çagalary bolan maşgala toparlaryna gatnaşmaga rugsat berilýär, 5 we 10 kilometr aralyga 16 ýaşdan ulular gatnaşarlar.

«Isle tejribeli ýa-da höwesjeň ylgawçy bolsaňyz-da, işjeňligiň gyzykly usulyny gözleýän bolsaňyz, hemmäňizi bu şadyýan we ählumumy parahatçylyk, ynanyşmak we agzybirlik ruhunda geçiriljek baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrýarys!» diýlip, çäräniň guramaçylarynyň beýannamasynda aýdylýar.

Ýeňijilere we oňa işjeň gatnaşyjylara baýraklar hem ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Şeýle hem irden şadyýan bäsleşikler we sport çäreleri geçiriler.

Bu çäräni guramak bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Ýewropa gününi hyjuwly, joşgunly we agzybirlik ruhunda bellemek üçin birleşmäge çagyrýar.