Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň — ajaýyp halyçylyk sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerimize wepalylygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylaryna, olary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde bellenilip geçilýär.
Türkmen halylarynyň nagyşlarynda halkymyzyň taryhy, pelsepesi we dünýägaraýşy beýan edilendir. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Haly gölleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde hem çuňňur many bar.
...Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň baş bezegine öwrüldi. Arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylar, gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlanan döwrebap haly önümleri, ussat zenanlaryň elinden çykan palaslar, kilimler, dürli görnüşli sowgatlyk önümler, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary göreni haýrana goýýar. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri öz işlerini görkezdiler. Telekeçi zenanlaryň haly önümleri gözelligi, nepisligi, aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen myhmanlaryň ünsüni çekdi. Görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli, dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze nepis görnüşleriniň hem bardygyny bellemek gerek. Sergä gatnaşýan myhmanlara köp sanly haly we haly önümlerini synlamak bilen bir hatarda, milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň gadymy kökleri, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, şöhraty dünýä dolan türkmen halyçylyk sungatynyň köpöwüşginli ugurlary bilen tanyşmaga, halkymyzyň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary barada maglumat almaga-da mümkinçilik döredildi.