Frankfurt şäherinde Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. 

Çärä diplomatlar, işewürler toparynyň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Çäräniň dowamynda konsul M.Ozbekbaýew çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Medeni çärede Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly filosofiýa eseri tanyşdyryldy. Çärä gatnaşyjylar bu neşirlere ýokary baha berip, olaryň Türkmenistanyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň halkara derejesinde wagyz edilmegindäki ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserlerini öz içine alýan kitap sergisi guraldy.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.