Halkara nebitgaz forumy: innowasiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Ählumumy we sebit meýilleri, syýasy strategiýalar, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dialog arkaly energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öwrenmek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek şu gezekki çäräniň esasy maksadydyr. Utgaşykly görnüşde geçirilýän giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu tebigy baýlygyny durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýokary goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, bar bolan turba geçirijileriň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary goldamak, sebit başlangyçlarynyň çäklerinde täze energetika geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan ýokary goşulan bahaly önümçiligi ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Ammiagyň, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligine uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ugurdaş pudaklary ösdürmäge hem-de daşary ýurt tehnologiýalaryny çekmäge ýardam berýär.

Uglewodorod serişdelerini çykarmak hem-de gaýtadan işlemek prosesiniň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap sanly çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmak pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we onuň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini artdyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen täze okuw merkezleri döredilýär, halkara hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek, pudagy sanlylaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän tagallalar ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüşi maksat edinýändigini görkezýär. Bu yzygiderli strategiýa energiýa serişdelerini milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýadyna öwrüp, halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

...Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bilermenler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabarada hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belleýär.

«Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris» diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli kärhanalaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Hytaýyň «CNPC» kompaniýasynyň diwarlygynda tebigy gazy çykarmak hem-de ibermek üçin integrirlenen çözgütler, kompressor stansiýalary bilen baglanyşykly tehnologiýalar, sebit infrastrukturasynyň çäklerindäki bilelikdäki taslamalar tanyşdyrylýar.

«ERCIYAS» kompaniýasynyň ekspozisiýasynda nebitgaz pudagynda ulanylýan turbalaryň dürli görnüşleri görkezilýär.

Italiýanyň «Eni» kompaniýasy nebit bilen çykýan ugurdaş gazy almak ulgamynda innowasiýalar, suwuklandyrylan gaz önümçiligindäki taslamalar hem-de gaýtadan işleýän desgalaryň energetika taýdan netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar.

«Baker Hughes» kompaniýasynyň diwarlygynda energetika we senagat ulgamlaryndaky innowasion tehnologiýalar hem-de çözgütler bilen tanyşdyrylýar.

Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy gazy gaýtadan işlemek üçin enjamlar, nebithimiýa senagaty üçin tehnologiýalar, şeýle hem gaýtadan işleýän desgalarda tehnologik prosesleri oňaýlaşdyrmak boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar. «Dragon Oil» kompaniýasynyň diwarlygynda bolsa kenarýaka ýataklarynda ulanylýan tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar.

«PETRONAS» kompaniýasy energiýa önümçiliginde uglerod yzyny peseltmek hem-de sanly özgertmeler boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýar. «Yug-Neftegaz» kompaniýasynyň diwarlygynda geofizika hem-de nebitgaz ýataklarynyň seýsmiki barlagy boýunça çözgütler we öňdebaryjy usullar, «PSS» we «Ekohim» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa uglewodorod guýulary üçin enjamlardyr hyzmatlar tanyşdyrylýar.

«Rosen Group» kompaniýasy turba geçirijilere gözegçilik etmek we olary arassalamak boýunça tehnologiýalar, ýerasty we ýerüsti ulgamlaryň ýagdaýyna baha bermek boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar. Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) diwarlygynda maýa goýum platformalaryna, şeýle hem nebithimiýa ulgamyndaky taslamalara üns çekilýär.

Sergide türkmen kompaniýalary hem nebitgaz, logistika we hyzmatlar pudaklarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Garagum hazynasy» kompaniýalaryny görkezmek bolar. «Ýaşyl dünýä» hususy kärhanasy nebitgaz guýulary üçin dürli enjamlary getirmek we gurnamak hyzmatlaryny amala aşyrýar. «Nurly Tolkun» hususy kärhanasy we «Söwda gurluşyk maslahat» hojalyk jemgyýeti nebit platformalaryna hyzmat etmek, enjamlary gurnamak babatda hödürleýän işleri bilen tanyşdyrýar. «Beýik Ýüpek ýoly», «Hazar logistika» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda dürli ýükleri, şol sanda nebit önümlerini daşamak boýunça amala aşyrylýan hyzmatlar bilen tanyşdyrylýar. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň diwarlygynda dürli çalgy ýaglary, antifrizler görkezilýär. «Nurly Deňiz Tumary» kompaniýasy serginiň myhmanlaryny turba geçirijilere hem-de enjamlara gözegçilik we hyzmat etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlar we usullar bilen tanyşdyrýar.

Günüň ikinji ýarymynda forum «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahat bilen öz işini dowam etdi.