Türkmenistan Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa ̶ Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitinde çykyş edip, Türkmenistany Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwürmegiň giň gerimli strategiýasyny hödürledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz inklýuziw ýörelgesine ygrarly bolup, hereket edýän ulag ulgamyny sazlaşykly ýagdaýa getirýän ugurlary döredýändigini nygtady.
Türkmenistan multimodal infrastrukturany ösdürmekde öz maliýe we maddy serişdelerini işjeň gönükdirýär. Esasy gazanylan üstünlikleriň arasynda döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurlan häzirki zaman Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzillerini, Türkmenistany Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen birleşdirýän demir ýollary, şeýle hem Özbegistan we Gazagystan ugrunda täze ýokary tizlikli ýollaryň gurluşygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti täze taslamalaryň Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň arasynda durnukly gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendigini aýratyn belledi.
«Biz hyzmatdaşlygyň adalatly, inklýuziw ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň zerurdygyndan ugur alýarys. Şunda täze ugurlar ozal hereket edýänleriniň ýerini tutman, olaryň üstüni ýetirýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.