Frankfurtda German-türkmen forumynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda Türkmenistanyň konsuly Myrat Özbekbaýew bilen German-türkmen forumynyň başlygy, Germaniýanyň Kiçi we orta işewürler federal assosiasiýasynyň (BVMW) baş direktory Andreas Ýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşgyň barşynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen bagly pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. 

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Frankfurtda geçirilen Germaniýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar bilen baglanyşykly amaly işleri durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Hususan-da, taraplar Türkmenistana we Germaniýa işewürlik saparlaryny guramak mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň kiçi we orta işewürleri bilen göni gatnaşyklary giňeltmek ugrundaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropa tarapyna anyk ädim hökmünde, Germaniýanyň işewürleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä we maslahata, şeýle hem 2026-njy ýylyň 17–19-njy martynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen hususy sektora maýa goýumlary çekmek boýunça nobatdaky Halkara forumy “Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar” (IFT 2026) çäresine gatnaşmak teklip edildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine gönükdirilen wezipeleriň amala aşyrylmagy babatynda işleri dowam etmegi ylalaşdylar.

BVMW (Bundesverband mittelständische Wirtschaft e.V.) – Germaniýanyň kiçi we orta işewürlikler assosiasiýasy bolup, bu sektoryň möhüm böleginiň bähbitlerini goraýar we öz düzüminde 900 000-den gowrak kompaniýany birleşdirýär. Assosiasiýa 1975-nji ýylda döredilen, 75-den gowrak döwletde halkara wekilliklere eýe we german işewürlerine daşary ýurtlarda işlerini ösdürmekde goldaw berýär.