Türkmenistan «EKSPO – 2027» sergisinde öz gazananlaryny görkezer

photo

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýanyň paýtagtynda geçiriljek «EKSPO – 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy baradaky teklibi makullady.

Türkmenistan öz pawilýonyny «Türkmenistan – parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen manyly şygar astynda görkezer. Bu konsepsiýasy Belgraddaky serginiň «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen umumy mowzugy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Wise-premýer N.Atagulyýew ekspozisiýany guramak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda milli pawilýonyň gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini we medeni mirasyny dabaralandyrjak diwarlyklaryň özboluşly bezeg we enjamlaşdyryş taslamalary işlenip düzülýär.