Daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşjakdygyny tassykladylar

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri-de telekeçiligi ösdürmek meselesi boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew iki uly çärä – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häzirki güne çenli eýýäm 70-e golaý daşary ýurt kompaniýasy we halkara guramasy çärelere gatnaşjakdygyny tassyklady. Çärä gatnaşjaklary hasaba almak dowam edýär, bu bolsa daşary ýurt işewür adamlarynyň ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmenistan tarapyndan foruma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary gatnaşar.