Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy barada hat alyşmaklyk gurnaldy

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşdylar.

Şertnamany alyşmak barada degişli Teswirnama iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.  

Ýokarda agzalan şertnama iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga  esaslanýan strategiki gatnaşyklary ýola goýýar şeýle-de türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň  häzirki zaman talaplaryna we kuwwatyna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýar.

Bellenilen Şertnama tassyklanmaga degişlidir we tassyklaýyş hatlary alşylan gününden otuz günden soň, ýagny şu ýylyň 11-nji sentýabryndan güýje girýär.