Lebap welaýatyna ýer gazýan tehnikalaryň täze tapgyry gelip gowuşdy

photo

Täze döwrebap gyrmança çykaryjylaryň uly tapgyry “Garagumsakagurluşyk” önümçilik müdirýetiniň ýer gazýan tehnikalarynyň üstüni ýetirdi. Amyderýadan gözbaş alyp gaýdýan Garagum derýasynyň uzynlygy 220 kilometrlik baş böleginde Gollandiýadan getirilen 30-a golaý döwrebap gyrmança çykaryjylaryň ekipažlary gije-gündüziň dowamynda nobatdaky wahta durup başladylar.

Täze ýer gazýan maşynlar diňe bir kämil nawigasiýa enjamlary bilen däl, eýsem ekipaž üçin amatly iş we dynç alyş şertleri, iň esasy-da, ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýarlar. Gyrmança çykaryjylaryň hersi Garagum derýasynyň baş böleginde derýanyň düýbi arassalanda we ol çuňlaşdyrylanda sagatda 2 müň kub metre golaý läbik çykarýar, bu bolsa häzirki hereket edýän enjamlaryň kuwwatlylygyndan birnäçe esse ýokaydyr.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň içinden geçýän derýanyň baş böleginde deň çäkli ýerlerde ýerleşen gyrmança çykaryjylaryň 50-den gowragy işledilýär. Melioratorlar her ýyl derýanyň düýbi arassalanynda we ol çuňlaşdyrylanda bir million kub metrden gowrak läbik çykarýarlar. Derýany gyrmança basmagynyň öňüniň alynmagy suwuň Garagum derýasyndan Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryna kadaly geçmegine ýardam edip, oba hojalyk pudagynyň talaplaryny üpjün edýär.